Telegram-yň beta-wersiýasynda ýazylan tekstleri gönüden-göni çatda redaktirlemäge mümkinçilik berýän AI Editor funksiýasy peýda boldy. Bu gural messenjeriň öz interfeýsine birleşdirilen emeli aň arkaly işleýär. Täze gural ulanyjylara ýalňyşlary düzetmek we terjime etmek, teksti gysgaltmak ýa-da ony başga äheňde gaýtadan ýazmak, habary has resmi görnüşe getirmek ýa-da, tersine, üýtgeşik stillere öwürmek ýaly mümkinçilikleri hödürleýär: Bu funksiýany ulanmak üçin azyndan üç setirden ybarat tekst ýazmaly. Şondan soň ýazuw meýdançasynyň gapdalynda AI düwmesi peýda bolýar. Funksiýa belli bir çäkde elýeterlidir. Mugt wersiýada amallaryň sany az, ýöne Premium abunalygy bu çägi takmynan 50 esse artdyrýar. Redaktirlenen teksti asyl nusganyň deregine şol pursatda ugradyp bolýar.