Londonynyň «Tottenhem Hotspur» futbol kluby baş tälimçi Igor Tudoryň wezipesinden gidýändigini yglan etdi. Bu baradaky habar klubuň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda çap edildi. «Biz baş tälimçi Igor Tudoryň özara ylalaşyk esasynda klubdan gidýändigini tassyklaýarys. Şeýle hem, derwezebanlaryň tälimçisi Tomislaw Rogiç we fiziki taýýarlyk boýunça tälimçi Rikkardo Ragnaççi öz wezipelerini terk etdiler. Igora, Tomislawa we Rikkardo soňky alty hepdäniň içinde dyngysyz çeken zähmetleri üçin minnetdarlyk bildirýäris. Şeýle hem, ýakyn adamsyny ýitirendigi sebäpli Igora gynanç bildirýäris we şu kyn pursatda oňa hem-de onuň maşgalasyna goldawymyzy beýan edýäris. Täze baş tälimçi baradaky maglumat ýakyn wagtda mälim ediler» diýlip, beýanatda aýdylýar. Tudor 14-nji fewralda tälimçi bellenipdi. Onuň ýolbaşçylygynda «Tottenhem» geçiren ýedi duşuşygynyň bäşisinde ýeňildi. Häzirki wagtda klub Angliýanyň Premýer-ligasynyň ýaryş jedwelinde 30 utuk bilen 17-nji orny eýeleýär. Topary aşaky liga düşmek howpundan diňe bir utuk aýyrýar. Žurnalist Ben Jeýkobsuň maglumatyna görä, hünärmen şertnamanyň möhletinden öň ýatyrylmagy üçin öwez tölegini talap etmändir. Bu ýagdaý «Tottenhemiň» düzüminde bir ýyla ýetmeýän wagtyň içinde amala aşyrylan üçünji tälimçi çalyşmasydyr. 2025-nji ýylyň iýun aýynda London kluby 2023-nji ýylyň iýulyndan bäri işläp gelen we topar bilen UEFA Ýewropa ligasyny gazanan Angelos Postekogluny işden boşadypdy. Onuň ornuna gelen Tomas Frank bolsa geçen fewralda topardan gidipdi. Täze tälimçi wezipesine mümkin bolan dalaşgärleriň arasynda Roberto De Dzerbi, Şon Daýç, Adi Hýutter, Robbi Kin, Kris Hýuton we Garri Rednapp ýaly atlaryň tutulýandygyny bellemek gerek. «The Telegraph» neşiriniň maglumatyna görä, toparyň häzirki goragçysy Ben Dewis tälimçiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup biler.