Parma şäheriniň golaýynda ýerleşýän «Magnani Rocca Foundation» hususy muzeýinden Pýer Ogýust Renuaryň, Anri Matissiň we Pol Sezannyň üç sany asyl nusgadaky eseri ogurlandy. La Repubblica neşiriniň habar bermegine görä, bu işleriň umumy bahasy iki-üç million ýewro barabardyr. Ogrulyk 23-nji mart gijesi bolup geçdi. Maglumatlara görä, jenaýatçylar aslynda dört sany suraty alyp gitmegi meýilleşdiripdirler. Ýöne atanlykda olaryň birini wakanyň bolan ýerinde galdyrypdyrlar. Ogurlanan eserleriň içinde Renuaryň 1917-nji ýylda döreden «Balyklar» («Рыбы»), Sezannyň 1890-njy ýyldaky «Üljeli natýurmort» («Натюрморт с вишнями»), Matissiň 1922-nji ýylda çeken «Eýwandaky keniz» («Одалиска на террасе») atly işleri bar. Derňew işlerini Parmanyň karabinerleri we medeni mirasy goramak bölümi alyp barýarlar. Olar häzirki wagtda wideogözegçilik kameralarynyň ýazgylaryny öwrenýärler. Muzeýiň wekilleriniň aýdyşyça, ogrylar jenaýaty üç minuta-da ýetirmän amala aşyrypdyrlar. Munuň özi talaňçylaryň aňrydan örän jikme-jik meýilnama düzüp gelendiklerini aňladýar. «Magnani Rocca Foundation» Italiýanyň iň iri hususy çeperçilik muzeýi hasaplanylýar. Onuň gymmatly kolleksiýasynda Tisianyň, Dýureriň, Rubensiň, Goýanyň, Kanowanyň, Moneniň, Renuaryň, Sezannyň we Jorjo Morandiniň eserleri saklanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir