Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt raýatlaryny «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde howandarlyga mätäç çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna mynasyp we doly möçberde gatnaşmaga bolan hukuklaryny durmuşa geçirmekde bitiren hyzmatlary, ýurtda ynsanperwer, haýyr-sahawat we meýletinçilik hereketini ösdürmäge goşan uly şahsy goşantlary hem-de önjeýli jemgyýetçilik işi nazara alnyp, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Jalpa Ratna «Arkadag» medaly bilen sylaglandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir