Aziýa futbol konfederasiýasy (AFK) 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň final tapgyrynyň bije çekişliginiň senesini başga wagta geçirdi — diýip, konfederasiýanyň metbugat gullugy habar berdi. Bije çekişligi 11-nji aprelde Er-Riýadda geçirmek meýilleşdirilipdi. AFK-niň beýanatynda görkezilişi ýaly, bu karar ähli gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi. Täze bije çekişligiň senesi entek kesgitlenilmedi. Ozal Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaýlar sebäpli AFK Aziýa Çempionlar Ligasynyň birnäçe oýnuny başga wagta geçiripdi, Kataryň çempionaty togtadylypdy, şeýle hem Katarda meýilleşdirilen Argentina bilen Ispaniýanyň ýygyndylarynyň arasynda geçirilmeli bolan Finalissima oýny ýatyrylypdy. Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2027-nji ýylyň 7-nji ýanwardan 5-nji fewraly aralygynda Saud Arabystanynda geçiriler. Türkmenistanyň ýygyndysy hem 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogyna gatnaşmak üçin göreşi dowam etdirýär. Toparçalaýyn tapgyryň ahyrynda Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen ýygyndysy 31-nji martda Bangkokyň «Rajamangala» stadionynda Tailandyň ýygyndysy bilen duşuşar. Oýun Aşgabat wagty bilen 17:30-da başlanar. Bäş tapgyryň netijesine laýyklykda türkmen futbolçylary D toparçasynda 12 utuk bilen öňdeligi eýeleýär. Şol bir utuklar Tailandyň ýygyndysyna-da bar, ýöne iki toparyň arasynda geçirilen duşuşygyň netijesi boýunça ol türkmen ýygyndysyndan goşmaça görkeziji boýunça yza galýar, çünki 2025-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Türkmenistan Tailandyň ýygyndysyndan 3:1 hasaby bilen üstün çykypdy. D toparçasynda üçünji orny Şri-Lankanyň ýygyndysy eýeleýär (6 utuk), Hytaý Taýbeýiniň ýygyndysy heniz utuk gazanyp bilmedi. Toparçanyň ýeňijisi 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň Saud Arabystanynda geçiriljek final tapgyryna gönümel çykýar.