ABŞ-nyň geljekki 100 dollarlyk banknotlarynda Donald Trampyň goly bolar. Bu barada Maliýe ministrligi habar berdi. Bu taryhda amerikan walýutasynda häzirki Prezidentiň golunyň ilkinji gezek peýda bolýan ýagdaýy bolar. Ozal banknotlarda gaznaçynyň goly ýerleşdirilýärdi, emma indi 165 ýylyň içinde ilkinji gezek bu tejribeden ýüz öwrüler. Maliýe ministri Skott Bessentiň aýtmagyna görä, täze banknotlaryň çykarylmagy şu ýyl bellenilip geçilýän ABŞ-nyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. «Prezident Trampyň ýolbaşçylygynda biz görlüp-eşidilmedik ykdysady ösüşe, dollaryň uzak möhletleýin agalygyna, şeýle hem maliýe taýdan güýç-kuwwata we durnuklylyga tarap barýarys. Beýik ýurdumyzyň we Prezident Donald Trampyň taryhy üstünliklerini bellemegiň, onuň adyny dollar banknotlarynda ýerleşdirmekden has aýdyň usuly ýokdur» – diýip, Bessent belledi. ABŞ-nyň gaznaçysy Brendon Biç hem Prezidentiň ýurduň ykdysadyýetine goşan goşandynyň wajypdygyny aýdyp, bu çözgüdi goldady. Donald Trampyň we Skott Bessentiň gollary bolan ilkinji banknotlary iýun aýynda çykarmak meýilleşdirilýär diýip, «Reuters» ýazýar. Şeýle-de, Trampyň şekilini Amerikanyň 250 ýyllygy mynasybetli çykarylýan birnäçe beýleki materiallarda hem ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Gözel sungat boýunça komissiýa (ol Trampyň özi tarapyndan döredildi) ýakynda Ak tamyň Baştutanynyň stoluň başynda ýumruklaryny gysyp duran şekili bolan uly ýadygärlik altyn teňňäniň dizaýnyny makullady. Komissiýa, şeýle hem, Trampyň şekili bolan bir dollarlyk teňňäniň taslamasyna garaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir