Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de ede­bi­ýat­çy alym, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Hal­ka­ra baý­ra­gyň eýe­si Mä­ti Kö­sä­ýe­wiň dog­lan gü­nü­niň 120 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li, «Mä­ti Kö­sä­ýew — ede­bi­ýa­ty öw­re­ni­ji alym» at­ly yl­my-dö­re­di­ji­lik mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Maslahata Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň, Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­rydyr ta­lyp­la­ry hem gat­naş­dy­lar. Mas­la­hat «Türk­me­nis­ta­nyň ki­tap­ha­na ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň 2025 — 2029-njy ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň» we ony dur­mu­şa ge­çir­me­giň Me­ýil­na­ma­sy­nyň bir ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li şu ýy­lyň ýan­wa­ryn­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de ki­tap oka­mak bo­ýun­ça yg­lan edi­len bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­syn­dan baş­lan­dy. Soň­ra ol M.Kö­sä­ýe­wiň öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi ba­ra­da­ky tä­sir­li çy­kyş­lar bi­len do­wam et­di. Çy­kyş eden­ler aly­myň türk­men halk dö­re­di­ji­li­gi­ni, ede­bi­ýa­ty­my­zyň ta­ry­hy­ny öw­ren­mek­de go­şan sal­dam­ly go­şan­dy ba­ra­da bel­le­di­ler. 1959-njy ýyl­da bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga ba­gyş­la­nyp mu­ze­ýiň dö­re­dil­me­gin­de meş­hur pro­fes­so­ry­ň uly hyz­ma­ty­nyň bar­dy­gy aý­ra­tyn nyg­tal­dy. — Ede­bi­ýat­çy aly­myň Baý­ram han, Döw­let­mäm­met Aza­dy, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy, Ke­mi­ne, Mol­la­ne­pes, Ab­dy­set­dar Ka­zy, Omar Haý­ýam, Ab­dy­rah­man Ja­my, Aly­şir No­wa­ýy ýa­ly ede­bi­ýat­da yz gal­dy­ran be­ýik şah­sy­ýet­le­riň dö­re­den eser­le­ri bi­len bag­ly yl­my iş­le­ri­dir ma­ka­la­la­ry­ hä­zir­ki wagt­da bize hem yg­ty­bar­ly çeş­me bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ol «Gor­kut ata», «Gö­rog­ly» epos­la­ry­nyň, «Şa­se­nem-Ga­ryp», «Ýu­sup-Ah­met», «As­ly-Ke­rem» des­san­la­ry­nyň hem-de «Wag­zy-Azat» ese­ri­niň top­lan­ma­gyn­da uly iş­ler bi­ti­rip­dir. Pro­fes­sor, aý­ra­tyn-da, Mag­tym­gu­ly­nyň şyg­ry­ýet dün­ýä­si­ni iç­gin öw­re­nen alym hök­mün­de ta­nal­ýar. Ol akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň şy­gyr­la­ry­ny top­la­mak, ne­şir et­mek, öm­rü­ne de­giş­li mag­lu­mat­la­ry anyk­la­mak ug­run­da köp zäh­met siň­di­rip­dir. Onuň «Ede­bi­ýat ba­ra­da söh­bet», «Ede­bi­ýa­tyň ta­ry­hy­nyň kä­bir me­se­le­le­ri» at­ly ma­ka­la­lar ýy­gyn­dy­la­ryn­da Mag­tym­gu­ly­nyň hem-de beý­le­ki nus­ga­wy şa­hyr­la­ry­my­zyň dö­re­di­ji­li­gi ha­kyn­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň edil­ýär. Mä­ti Kö­sä­ýew uni­wer­si­tet­de iş­län ýyl­la­ryn­da Na­zar Gul­la­ýew, Ka­ka­jan Ata­ýew, Ab­dy­rah­man Mül­ka­ma­now, Ka­ka­jan Dur­dy­ýew, Öre Sa­pa­ýew, Ba­byş Mäm­met­ýa­zow, Sähet Re­je­bow, Käbe Bor­ja­ko­wa ýa­ly alym­la­ra yl­my ýol­başçy­lyk eden, bir­nä­çe ze­hin­li mu­gal­lym­la­ry, ede­bi­ýat­çy­la­ry, žur­na­list­le­ri taý­ýar­la­mak­da ta­gal­la­sy­ny gaý­gyr­ma­dyk us­sat­dyr — di­ýip, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň türk­men ede­bi­ýa­ty ka­fed­ra­sy­nyň mü­di­ri, fi­lo­lo­gi­ýa ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty Aman­ne­pes Şyh­ne­pe­sow öz çy­ky­şyn­da aýt­dy. Maslahatyň dowamynda ta­lyp­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­rmeginde ede­bi-çe­per kom­po­zi­si­ýa­sy hem-de aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­r boldy. Şeýle hem mas­la­ha­t bi­len ugur­daş­lyk­da ki­tap ser­gi­si gu­ral­dy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir