26-njy martda Daşoguz şäheriniň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda dessançy bagşylaryň «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwaly açyldy. Açylyş dabarasyna medeniýet ulgamynyň wekilleri, sungaty öwrenijiler, dessançy bagşylar hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdy. Festiwalyň açylyşynyň öňüsyrasynda bagşyçylyk ýolunyň taryhyna we häzirki döwürde ösdürilişine bagyşlanan sergi guraldy. Festiwal konsertler, ylmy-amaly maslahat we döredijilik duşuşyklary bilen utgaşdyrylýar. Birinji günüň çäklerinde gatnaşyjylar welaýat muzeýine baryp gördi we «Goly sazly, tili sözli Görogly» atly sahna oýnuna tomaşa etdi. Ikinji günde bolsa taryhy ýerlere gezelençler we konsertler meýilleşdirildi. Festiwalyň çäklerinde ýaş bagşy-sazandalar üçin ussatlyk sapaklaryny geçirmek hem göz öňünde tutulýar. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir