Ýaponiýa 26 ýurtdan 4600 adamyň arasynda geçirilen pikirsoraşmanyň esasynda Remitly amerikan kompaniýasy tarapyndan düzülen iň mykatly ilaty bolan ýurtlaryň reýtinginde birinji orny eýeledi. Barlaga gatnaşyjylardan adamlary iň mylakatly ýurtlarynyň adyny aýtmaklary we özleriniň mylakatlylyk derejesine baha bermekleri soraldy. Pikirsoraşma gatnaşanlaryň üçden bir böleginden gowragy — 35,15%-i Ýaponiýany lider diýip atlandyrdy. Barlagyň awtorlary ýaponlaryň gündelik durmuşynyň köp ugurlarynda sypaýylygyň aýdyň görünýändigini belleýärler: baş egmek salamlaşmagyň we hormat goýmagyň alamaty hökmünde ulanylýar, dilleri bolsa geplemegiň sylaşykly görnüşine esaslanýar. Kanada ikinji orny eýeledi (13,35%). Barlagda kanadalylaryň aşa köp ötünç soraýandygy bilen bagly giň ýaýran stereotipiň hakykaty diýseň ýönekeýleşdirýändigi, ýöne başgalara hormat goýmak aragatnaşygyň möhüm bölegi bolmagynda galýandygy anyklandy. Üçünji orny Beýik Britaniýa eýeledi (6,23%). Bu ýerde mylakatlylyk "haýyş edýärin" we "sag boluň" jümleleriniň ýygy-ýygydan ulanylmagy, şeýle hem nobata durmak medeniýeti bilen baglanyşyklydyr. Adamlary iň mylakatly 10 ýurt: Ýaponiýa – 35,15% Kanada – 13,35% Beýik Britaniýa – 6,23% Hytaý – 3,07% Germaniýa – 2,80% Filippinler – 2,30% Şwesiýa – 2,26% Daniýa – 2,07% Finlýandiýa – 1,92% Günorta Afrika – 1,82% Şeýle-de bolsa, bu ýurtlaryň ilatynyň öz-özüne berýän bahasy beýlekileriň pikirlerinden düýpli tapawutlanýar: Braziliýanyň, Çiliniň, Hindistanyň, Şwesiýanyň, Fransiýanyň, Meksikanyň, Ispaniýanyň, Günorta Afrikanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Portugaliýanyň ilaty özlerini iň mylakatly adamlar hasaplaýarlar. Pespäl ýaponlar bu sanawda 25-nji orny eýeleýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir