2026-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça komitetiň (CEDAW) maslahatlaryny we gender deňligini üpjün etmek babatda Ählumumy döwürleýin synyň maslahatlaryny durmuşa geçirmäge bagyşlanan möhüm duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, CEDAW-yň başlygynyň orunbasary Marianna Mikko, şeýle hem ýurduň Mejlisiniň, Adalatçynyň diwanynyň, degişli ministrlikleriň we BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň hem-de UNFPA-nyň wekilleri gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň zenanlaryň hukuklary we gender deňligini üpjün etmek baradaky halkara borçnamalaryna ygrarlydygy ýene bir gezek tassyklanyldy. Esasy üns 2024-nji ýylyň fewralynda CEDAW Komiteti bilen geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça işlenip düzülen maslahatlaryň ähmiýetine gönükdirildi. Duşuşygyň dowamynda CEDAW-yň maslahatlaryny durmuşa geçirmek boýunça amaly ädimler we işlenip taýýarlanan Ýol kartasy ara alnyp maslahatlaşyldy. 2026-2030-njy ýyllar üçin gender deňligini üpjün etmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň nobatdaky tapgyryny durmuşa geçirmegiň ugurlary kesgitlenildi. Zenanlar bilen erkekleriň deň hukuklaryny üpjün etmek üçin milli kanunçylyk binýadyny halkara tejribeler esasynda kämilleşdirmegiň zerurlygy nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda halkara guramalar bilen dowamly we netijeli dialogy saklamagyň hem-de zenanlaryň hukuklaryny goramagyň milli mehanizmlerini kämilleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.