25-nji martda Türkmenistanyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine badalga berildi. Bu möhüm oba hojalyk möwsümine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyrygyna laýyklykda girişildi. Döwlet Baştutany ekişiň başlanmagyna ak pata berip, hormatly ýaşululardan ony «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi we pagtaçy babadaýhanlara üstünlikleri arzuw etdi. Däp bolşy ýaly, ýaşulular doga-dileg edip, topraga ilkinji gowaça tohumlaryny atdy, şondan soň işe mehanizatorlar girişdi. Pagtaçylyk oba hojalyk toplumynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar. Pudakda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga we öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmäge aýratyn üns berilýär. Ekerançylar dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tehnikalary, ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen üpjün edilýär, bu bolsa agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegine ýardam berýär. Sebitleriň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreler görülýär. Ekiş dolanyşygyna süýüminiň hili ýokary bolan, tiz ýetişýän we zyýankeşlere çydamly täze gowaça sortlary girizilýär. Pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk serişdeleriň taýýarlanylyşy halkara standartlara laýyklykda alnyp barylýar. Ýokary hilli, bol hasylly gowaça sortlaryny döretmek we önümçilige ornaşdyrmak işleri bolsa Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynda amala aşyrylýar. Pagta ýurduň dokma senagaty üçin gymmatly çig mal binýady bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň pagta süýüminden öndürilen önümler dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar. Şu ýyl dokma kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegini üpjün etmek we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, ekiş üçin giň meýdanlar bellenildi. Suw serişdelerini tygşytly ulanmaga aýratyn üns berilýär. Meýdanlarda suw tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalar, şol sanda damjalaýyn suwaryş ulgamlary ulanylýar. Welaýatlarda ekişiň başlanmagy mynasybetli medeni çäreler, oba hojalyk tehnikalarynyň we gaýtadan işleýän kärhanalaryň önümleriniň sergileri geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir