Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) 2031-nji we 2035-nji ýyllarda geçiriljek Aziýa Kuboklary üçin berlen arzalara seretmek işini wagtlaýynça saklady. Bu karar halkara oýun senenamasyna girizilip bilinjek üýtgetmeler bilen baglanyşyklydyr. Konfederasiýanyň habar bermegine görä, bu mesele FIFA bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy üýtgeşme — yklymyň iň uly turnirini täk ýyllardan jübüt ýyllara geçirmek meselesidir. Bu ädim ýaryşlary meýilleşdirmäge we halkara senenama has laýyk gelmäge ýardam berer. 2031-nji ýyl üçin Awstraliýa, Hindistan, Indoneziýa, Kuweýt, Günorta Koreýa hem-de Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan bilelikde arza beripdiler. 2035-nji ýyl üçin bolsa Awstraliýa, Kuweýt, Günorta Koreýa we Ýaponiýa isleg bildirýärdi. AFK geljekde has aýdyň we takyk saýlaw düzgün-tertibini üpjün etmek üçin bu işi wagtlaýynça togtatdy. Indiki Aziýa Kubogy 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda Saud Arabystanynda geçiriler. Häzirki wagtda Aziýanyň çempiony — Katardyr.