NASA agentligi Aýda ýörite baza döretmek we Ýeriň hemrasynda adamyň hemişelik bolmagyny üpjün etmek bilen bagly meýilnamalaryny mälim etdi. Agentlik esasy ünsi Aýyň infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirýär we şol maksat esasynda Gateway stansiýasynyň häzirki işlerini wagtlaýynça togtatmagy göz öňünde tutýar. Bu taslamany durmuşa geçirmäge Ýaponiýa, Italiýa we Kanada ýaly halkara hyzmatdaşlary hem çekmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de, eýýäm bar bolan tehnologiýalar we enjamlar ulanylar. NASA-nyň iş dolandyryjysy Jared Aýzekman: «NASA ýene bir gezek mümkin däl diýilýän zady amala aşyrmaga — prezident Trampyň wezipe möhletiniň ahyryna çenli Aýa dolanmaga, Aý bazasyny gurmaga we ol ýerde hemişelik bolmagymyzy üpjün etmäge, netijede kosmosda Amerikanyň liderligini saklamak üçin zerur bolan ähli işleri ýerine ýetirmäge çalyşýar» diýip belledi. Ilkinji tapgyrda ABŞ Aýyň ýüzüni öwrenmek we tehnologiýalary barlap görmek üçin missiýalaryň sanyny artdyrmagy maksat edinýär. Soňra bolsa adamlaryň ýaşamagyna niýetlenen bölekleýin infrastruktura dörediler. Geljekde adamlary Aýa düşürmek üçin ulag ulgamlary ösdüriler we bu bolsa, wagtyň geçmegi bilen aýratyn ekspedisiýalardan hemişelik baza geçmäge mümkinçilik berer.