«Liwerpulyň» hüjümçisi Mohamed Salah 2025/2026-njy ýyllar möwsüminiň ahyrynda klubdan gitjekdigini yglan etdi. Müsürli futbolçy bu barada sosial ulgamlarda wideoýüzlenme arkaly habar berdi. «Möwsüm tamamlanandan soň men “Liwerpuldan” giderin. Ilki bilen bu klubuň, bu şäheriň hem-de bu adamlaryň durmuşymda nähili möhüm orun tutjakdygyny hiç wagt göz öňüne hem getirip bilmändigimi aýdasym gelýär. “Liwerpul” — diňe bir futbol kluby däl-de, eýsem, ol joşgun, taryh hem-de ruhdur. Muny söz bilen düşündirip bilmerin. Biz ýeňişleri bilelikde baýram etdik. Iň möhüm kuboklary gazandyk. Durmuşymyzyň iň kyn pursatlaryny hem bilelikde başdan geçirdik. Bu klubda bolan döwrümde maňa duýgudaşlyk edenleriň ählisine, aýratyn-da, öňki we häzirki topardaşlaryma, şeýle hem janköýerlere minnetdarlyk bildirýän. Söz bilen beýan edip bilemok — karýeramyň iň gowy pursatlarynda beren goldawyňyzy we iň kyn günlerimde-de ýanymda bolandygyňyzy hiç wagt ýatdan çykarmaryn» diýip, Salah tolgunma bilen aýtdy. «Liwerpul» hem özüniň resmi saýtynda beýannama ýaýratdy: «2017-nji ýylyň tomsunda “Roma” klubundan transfer edilen 11-nji belgili oýunçy özüni “Liwerpulyň” taryhyndaky iň beýik futbolçylaryň biri hökmünde görkezdi. Ol klubuň iki gezek Premýer liganyň çempiony bolmagyna, Çempionlar ligasynyň, FIFA-nyň klublar arasyndaky dünýä çempionatynyň, UEFA-nyň Superkubogynyň, Angliýanyň Kubogynyň, iki gezek Liga kubogynyň we Angliýanyň Superkubogynyň eýesi bolmagyna uly goşant goşdy. Häzirki güne çenli müsürli hüjümçimiz 435 oýunda 255 gol geçirip, «Liwerpulyň» taryhyndaky iň gowy bombardirleriniň sanawynda üçünji ýeri eýeleýär. Ol dört gezek Premýer liganyň «Altyn butsynyň» eýesi boldy we köp sanly şahsy baýraklary gazandy. Öňde heniz köp oýun bar, Salah şu möwsümde «Liwerpul» üçin iň gowy netijeleri gazanmaga ünsüni jemleýär. Şonuň üçinem onuň mirasy we gazanan üstünlikleri şu ýylyň ahyrynda, “Enfild” bilen hoşlaşan pursadynda has giňişleýin belleniler» diýlip, klubuň beýannamasynda aýdylýar. Klubuň metbugat gullugy Youtube-da müsürli futbolçynyň iň täsirli gollaryny jemläp, «11 Iconic Mo Salah Moments» atly wideo-toplamasyny paýlaşdy. Şu möwsümde 33 ýaşly hüjümçi ähli ýaryşlarda 34 oýuna gatnaşyp, 10 gol geçirdi we 9 assist etdi. TEAMtalk neşiriniň berýän maglumatyna görä, «Liwerpul» Salahyň ýerine üç dalaşgäri gözden geçirýär. Klub ýolbaşçylarynyň sanawynda Germaniýanyň «RB Leýpzig» toparyndan hüjümçi Ýan Diomande we «Nýukaslyň» iňlis oýunçysy Entoni Gordon bar. Emma toparyň esasy maksady — Mýunheniň «Bawariýasynda» oýnaýan we 140 million ýewro diýlip bahalandyrylýan fransuz futbolçysy Maýkl Olisedir.

Sport, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir