Dior moda öýi zenanlaryň bilimini goldamaga gönükdirilen Women@Dior maksatnamasynyň çäginde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada karara geldi. Bu barada WWD neşiri habar berýär. Maksatnamanyň esasy çäresi her ýylky Parižde geçirilýän maslahatdyr. Ýöne mundan beýläk maksatnama sebit görnüşde ösdüriler. Bu çemeleşme ýerlerde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge gönükdirilendir. Bu taslama moda dünýäsinden başlap, inženerçilige çenli dürli ugurlarda okaýan talyp gyzlary birleşdirýär. Olar dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň okuw kurslaryna girmäge mümkinçilik gazanýarlar. 2017-nji ýylda başlanan bu taslama 2 800-den gowrak gyz gatnaşdy. Hyzmatdaşlygy uzaltmak baradaky ylalaşyga Dior-yň ýerine ýetiriji direktory Delfina Arno we ÝUNESKO-nyň baş direktory Haled El-Enany Parižde gol çekdiler. Duşuşykda taraplar döredijilikli liderlik we durmuş durnuklylygy meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.