2026-njy ýylyň 8-nji aprelinden başlap, Beýik Britaniýa ýurda girmek üçin zerur bolan wizalaryň köpüsi üçin tölegleri ýokarlandyrar. Bu barada Birleşen Korollygyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda habar berilýär. Alty aýlyk gysga möhletli wizanyň bahasy 127 funt sterlingden 135 funt sterlinge çenli ýokarlanar. Iki ýyllyk wizanyň bahasy 475 funt sterlingiň ýerine 506 funt sterling, bäş ýyllyk wizanyň bahasy 848 funt sterlingiň ýerine 903 funt sterling we on ýyllyk wizanyň bahasy 1059 funt sterlingiň ýerine 1128 funt sterling bolar. Talyp wizasynyň bahasy 524 funt sterlingden 558 funt sterlinge çenli galar. Alty aýdan 11 aýa çenli möhletli hususy lukmançylyk wizasy 220 funt sterlingden 234 funt sterlinge çenli ýokarlanar. Howa ýoly arkaly tranzit wizasy 39 funt sterlingiň ýerine 41,50 funt sterlinge, gury ýer arkaly tranzit wizasy bolsa 70 funt sterlingiň ýerine 74,50 funt sterlinge çenli ýokarlanar. Elektron syýahat rugsatnamasynyň (ETA) bahasy 4 funt sterling gymmatlap, 20 funt sterlinge ýeter. Raýatlyk üçin töleg 1709 funt sterlinge, möhletsiz galmaga rugsat üçin töleg bolsa 3226 funt sterlinge çenli ýokarlanar.