Skytrax britan konsalting kompaniýasy we AirlineRatings.com halkara portaly dünýäniň iň gowy howa menzilleriniň we awiakompaniýalarynyň ýyllyk reýtingini hödürledi. Bu barada reýtingi düzenleriň resmi saýtlarynda habar berilýär. Reýtinge görä, 2026-njy ýylda dünýäniň iň gowy bäş howa menzili Aziýada ýerleşýär. Singapuryň Changi Airport howa menzili bu sanawyň lideri boldy. Ol bu baýragy taryhda 14-nji gezek alýar. Onuň yzyndan Incheon International Airport (Seul, Günorta Koreýa), Tokyo International Airport (Haneda) (Tokio, Ýaponiýa), Hong Kong International Airport (Gonkong) we Narita International Airport (Narita, Ýaponiýa) gelýär. Iň gowy howa menzilleriniň arasynda Merkezi Aziýadan Gazagystanyň Astana International Airport we Almaty howa menzilleri hem bar. Olar reýtingde Barselona we Ankara ýaly aeroportlardan öňe geçdi. Ýewropada bolsa 2026-njy ýylyň lideri, öňki üç ýylda bolşy ýaly, Pariziň Charles de Gaulle howa menzili boldy. Dünýä reýtinginde ol altynjy orunda ýerleşdi. Şeýle hem ilkinji onluga Fiumicino (Rim, ýedinji orun), Istanbul Airport (Stambul, sekizinji orun) we Munich Airport (Mýunhen, dokuzynjy orun) girdi. 2026-njy ýylda dünýäniň doly hyzmatly iň gowy awiakompaniýasy Qatar Airways boldy. Doly hyzmat diýlip, köp hyzmatlar üçin aýratyn tölenilýän pes býujetli gatnawlardan tapawutlylykda, uçar bortunda we howa menzilinde hyzmatlaryň giň toplumynyň hödürlenilmegi göz öňünde tutulýar. Bu reýtingde hem Aziýa agdyklyk etdi. Ikinji orny Cathay Pacific, üçünjini — Singapore Airlines, dördünjini — Korean Air, bäşinjini bolsa STARLUX Airlines eýeledi. Ýewropada iň ýokary bahany Turkish Airlines kompaniýasy aldy (dünýä reýtinginde ýedinji orun). Ondan soňra Virgin Atlantic (13-nji orun), KLM (18-nji orun), Air France (19-njy orun) we LOT Polish Airlines (25-nji orun) gelýär. Gibrid awiakompaniýalaryň (ugra görä garyşyk hyzmatlar) arasynda bolsa Lufthansa lider boldy. Şeýle hem Ýewropanyň iň gowy gibrid awiakompaniýalarynyň sanawyna SWISS, Finnair, British Airways, TAP Portugal, Iberia, Air Europa, SAS, Austrian Airlines we ITA Airways girdi.