Demirgazyk-Günbatar Uniwersitetiniň alymlary geýimlerdäki moda tendensiýalarynyň, hakykatdanam, her 20 ýyldan gaýtalanyp durýandygyny anykladylar. Bu netije matematiki modele we 1869-njy ýyldan bäri zenan geýimleriniň, takmynan, 37 000 suratynyň seljermesine esaslanýar. Alymlar etegiň uzynlygyndaky, dilikleriň formasyndaky we biliň çyzyklaryndaky üýtgeşmeleri öwrendiler. Bu ölçegler sanly maglumatlara geçirildi we bir asyrdan gowrak wagtyň dowamynda olaryň ösüşi yzarlandy. Netijeler stilleriň kem-kemden meşhur bolýandygyny, soňra modadan gaçýandygyny we ahyrsoňy gaýtadan gaýdyp gelýändigini görkezdi. Bu aýlaw adamlaryň bir wagtyň özünde tapawutlanmak we başgalara laýyk gelmek islegi bilen baglanyşyklydyr. Barlagyň baş awtory Emma Zaýdela Denwerde geçirilen ylmy sammitde gelen netijelerini tanyşdyrdy. "Bilşimiz ýaly, bu ilkinji gezek kimdir biriniň bir asyrdan gowrak wagt bäri dowam edýän moda tendensiýalarynyň şeýle giňişleýin we takyk maglumat bazasyny döretmegidir" – diýip, ol belledi. Şeýle-de bolsa, soňky onýyllyklarda bu bütewi meýil has az duýulýar. Häzirki wagtda bir wagtyň özünde dürli stiller hereket edýär, bu bolsa modanyň dürli-dürliliginiň artýandygyny görkezýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir