Renault kompaniýasy öz zawodlarynda agyr fiziki işleri ýerine ýetirmek üçin robotlary ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Garaşylmagyna görä, 2027-nji ýyla çenli bu enjamlar önümçiligiň käbir bölümlerinde adamlaryň ornuny tutup başlar. Fransuz startapy Wandercraft bilen bilelikde, bary-ýogy 40 günüň içinde işlenip düzülen Calvin-40 atly robot kellesizdir we ol beýleki kompaniýalaryňkydan tapawutlylykda adama çalym etmeýär. Robotyň esasy wezipesi ýük götermek we daşamak ýaly gaýtalanýan şol bir ýönekeý işleri ýerine ýetirmekdir. Onuň barmaklarynyň deregine uly göwrümli gysgyçlary bar. Renault-yň önümçilik we hil boýunça ýolbaşçysy Týerri Şarwe: «Dogrusyny aýtsam, meni adam şekilli robotlar gyzyklandyrmaýar. Maňa adam ýaly görünmese-de, netijeli we arzan awtomatlaşdyrylan enjamlar gerek» diýip belleýär. Ilkinji tapgyrda Calvin-40 robotlaryny tekerleri götermek we şassi bölüminde bölekleri daşamak ýaly işlerde işçileriň ýüküni ýeňilleşdirmek üçin ulanylar. Kompaniýanyň maksady 2027-nji ýyla çenli 350 sany roboty işe girizmek. Eýýämden Renault 5 we Twingo ýaly elektrikli modelleriň gurnama wagtyny 10 sagada çenli gysgaltmak başartdy. Geljekde bolsa bir awtomobili öndürmek üçin sarp edilýän zähmet çykdajylaryny 30% azaltmaga garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir