«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty tebigatchy.co.tm salgysy boýunça işläp başlady. Bu platformanyň işe girizilmegi guramanyň ekologiýa başlangyçlary baradaky maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Işiň esasy ugurlary ýurduň ekologiýa abadançylygyny goldamak, ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek we tebigata aýawly çemeleşmegi wagyz etmek bilen baglanyşyklydyr. Guramanyň işi, şeýle hem milli ekologiýa maksatnamalaryna gatnaşmagy we meýletinçilik hereketlerini ösdürmegi öz içine alýar. «Täze web-saýtymyzyň işe girizilmegi — sanlylaşdyrma we ekologiýa medeniýetiniň utgaşmasydyr. Ol diňe bir maglumat çeşmesi bolman, eýsem, tebigaty goramak ugrundaky başlangyçlaryň ähli taraplar üçin elýeterli bolmagyna hyzmat eder. Bu platforma ekologiýa durnuklylygy ugrunda halkara derejesindäki gatnaşyklary berkidýän möhüm köpri bolar» — diýip, guramanyň başlygy Leýli Şyhmädowa belledi. Saýtda guramanyň işi baradaky habarlar we maglumatlar türkmen, rus we iňlis dillerinde ýerleşdirilýär. Şeýle hem ulanyjylara gurama agza bolmak ýa-da meýletinçilik hereketine goşulmak üçin onlaýn ýüz tutma mümkinçiligi hödürlenýär. Saýtyň işe girizilmeginiň jemgyýetçilik we halkara guramalar bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge ýardam etmegine garaşylýar.