Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife, şeýle hem ýurduň halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli gutlaglaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany öz gutlagynda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini belledi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň we ony täze derejä çykarmagyň ähmiýeti nygtaldy. Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Pakistanyň ýolbaşçylaryna berk jan saglyk we rowaçlyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir