Mash Telegram-kanaly Şri-Lankada ýangyjy awtoulagyň döwlet belgisiniň tertip sany boýunça satyp başlandyklaryny habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, bu düzgün beketlerdäki nobaty azaltmak maksady bilen girizildi. Seýlon nebit korporasiýasynyň maglumatlarynda ýangyjyň belginiň iň soňky sanyna görä berilýändigi aýdylýar. Eger ulag belgisiniň soňky sany jübüt bolsa (2, 4, 6...) oňa hepdäniň jübüt günlerinde, täk bolsa (1, 3, 5...) täk günlerinde ýangyç guýulýar. Syýahatçylaryň aýtmagyna görä, ýurtdaky ýangyç guýujy beketleriň agramly bölegi ýapyk, has anygy, ortaça her üç beketden biri işleýär. Benziniň bardygy hakda adamlara SMS arkaly habar edilýär, kärendesine ulag alanlara bolsa ýörite QR-kodlar ugradylýar. Tertip-düzgüne gözegçilik üçin beketlerde käte polisiýa işgäri hem durýar. Jemgyýetçilik ulaglarynyň sürüjilerine hepdede 200 litre çenli, şahsy ulag eýelerine bolsa hepdede 15 litre çenli ýangyç satyn almaga rugsat berilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir