Gawai adalarynda soňky 20 ýylyň iň güýçli sili hasaba alyndy. AP habar gullugy ýerli häkimiýetlere salgylanyp, güýçli ýagyşlar zerarly Oahu adasynyň uly bölegini suw alandygyny we 5,5 müňden gowrak adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigini habar berýär. Ýagşyň birnäçe günläp üznüksiz dowam etmegi adanyň ýollaryny bekläp, öýlere we gurluşyk desgalaryna zyýan ýetirdi. Edil häzirki wagtda dereksiz ýiten ýa-da heläk bolan adam hasaba alynmady. Gonolulunyň häkimi Rik Blandžardyň maglumatyna görä, diňe 10 adam sowuklama sebäpli hassahana ýerleşdirildi, 200-e golaý adam bolsa ýerinde halas edildi. Alymlary we häkimiýetleri Oahu adasyndaky 120 ýyllyk Wahiawa bendi alada goýýar. Bir gije-gündiziň dowamynda suwunyň derejesi 24 metrden 25,5 metre çykyp, betbagtçylykly derejä ýetmäge bary-ýogy 1,8 metr galan bendiň ýagdaýy häzir örän ýaramaz we ýarylmak howpy bar. Şol sebäpli häkimiýetler adanyň ýaşaýjylaryny has belent ýerlere geçmäge çagyrýarlar. Ştatyň gubernatory Joş Griniň hasaplamalaryna görä, siliň ýetirjek ykdysady zyýany 1 milliard dollardan geçip biler. Howa boýunça mundan aňyrky çaklamalar hem ýerli ýaşaýjylara rahatlanmaga maý berenok. Şu günler Oahu adasyna ýene-de 15–20 sm ýagyş ýagmagyna garaşylýar.