Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi hem-de iki ýurduň doganlyk halkyny ýetip gelen Oraza baýramy bilen gutladylar. Prezident Şawkat Mirziýoýew öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy wezipesine girişmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýetirdi. Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki halkyň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmakda medeni-ynsanperwer ugur boýunça hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny bellediler. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşmagyň dowamynda bu hyzmatdaşlygyň ähli ulgamlarda, hususan-da, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda ösdürilýändigini belläp, türkmen-özbek hökümetara toparynyň işine ýokary baha berdiler. Mundan başga-da, ýokary derejedäki duşuşyklar yzygiderli häsiýete eýe bolup netijeliligi bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurtda öňde boljak sammitlere hem-de onuň çäginde geçiriljek duşuşyklara gatnaşmak üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewi ýokary düzümli wekiliýetiň baştutanlygynda Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk hem-de alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler. Telefon arkaly söhbetdeşlik türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir