Apple TV tarapyndan hödürlenen «Netije» (Исход) filminiň ilkinji treýleri peýda boldy. Baş keşbi meşhur aktýor Kianu Riwz janlandyrýar. Filmiň sýužeti Golliwud aktýory Rif Houk barada gürrüň berýär. Ol özüniň masgaraçylykly wideosyny çap etmek bilen gorkuzýan adamy tapmaga synanyşýar. Filmde şeýle hem Kemeron Dias, Jona Hill, Mett Bomer we Martin Skorseze ýaly ýyldyzlar surata düşdüler. Jona Hill bu taslamanyň hem režissýory, hem-de ssenariçileriniň biri hökmünde çykyş etdi. «Netije» filminiň striming platformasyndaky tanyşdyrylyşy 10-njy aprele meýilleşdirildi.