BMW kompaniýasy «Neue Klasse» platformasynda döredilen täze i3 elektrik sedanyny tanyşdyrdy. Modeliň önümçiligi Mýunhendäki zawodda ýola goýlar, ilkinji seriýaly awtoulaglar awgust aýynda konweýerden çykar, satuwlar bolsa güýzde başlanar. Daşky görnüşi boýunça i3 modeli iX3 krossoweriniň äheňinde ýerine ýetirildi, ýöne özüne mahsus aýratynlyklary aldy. Öň tarapy diodly yşyklandyryjyly uzyn radiator gözenekleri we gabaraly kapody bilen tapawutlanýar. Kuzowyň siluetini öndüriji, üçekden bagaža çenli ýumşak geçişi sebäpli «2,5 göwrümli» diýip atlandyrýar. Awtoulagyň ölçegleri 4760×1865×1480 mm, teker bazasy bolsa 2897 mm deňdir. Bu görkeziji boýunça model iX3 bilen deňeşdirerlik derejededir, ýöne ondan biraz gysga we pesdir. BMW-niň 3-nji seriýasy bilen deňeşdirilende, täze i3 takmynan 50 mm töweregi iridir. Hödürlenen i3 50 xDrive wersiýasy 469 at güýjüne we 645 Nm öwrüji pursadyna (iX3-den 10 Nm köp) eýe bolan iki sany elektromotor aldy. Elektrokaryň dinamiki häsiýetnamalary we batareýasynyň göwrümi häzirlikçe mälim edilmedi, ýöne i3-iň ýöreýiş ätiýaçlygynyň 900 kilometre çenli ýetýändigi mälimdir. 400 kilowatlyk beketde 400 kilometrlik ýol üçin batareýany zarýadlamak bolsa bary-ýogy 10 minut wagt alar. Şeýle-de, batareýadan daşky enjamlary energiýa bilen üpjün etmek mümkinçiligi göz öňünde tutulandyr. Ulagyň takmynan 30%-i gaýtadan işlenen materiallardan ybaratdyr. Käbir elementlerde bu paý has hem ýokarydyr: M wersiýasynyň disklerinde 80%-e çenli alýumin, yzdaky elektromotoryň korpusynda bolsa 66% gaýtadan işlenen materiallar ulanyldy. Salonda gaýtadan işlenen matalar we plastik peýdalanyldy. Önümçilik işleri doly dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kömegi bilen amala aşyrylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir