«Inter Maýami» toparynyň hüjümçisi Lionel Messi karýerasynda 900-nji goluny geçirdi. Ol özüniň ýubileý goluny KONKAKAF Çempionlar kubogynyň çäginde «Neşwill» toparyna garşy geçirilen oýunda (hasap 1:1) derwezä girizdi. Argentinaly hüjümçä bu sepgide ýetmek üçin 1142 oýun gerek boldy — bu futbol taryhyndaky iň çalt görkezijidir. Deňeşdirme üçin aýtsak, Kriştianu Ronaldu 900-nji goluna özüniň 1236-njy oýnunda ýetipdi. Messi bu rekordy 38 ýaş 268 gün diýlende goýdy. Ronaldu bolsa bu sepgide 39 ýaş 213 günde barypdy. Messiniň dürli toparlarda we milli ýygyndysynda geçiren gollarynyň sanawy: 672 gol — «Barselona» üçin; 32 gol — «PSŽ» üçin; 81 gol — «Inter Maýami» üçin; 115 gol — Argentina milli ýygyndysy üçin. Hüjümçiniň bu uly üstünligine garamazdan, «Inter Maýami» topary KONKAKAF Çempionlar kubogyndaky ýaryşyny tamamlady. Karýerasynyň dowamynda argentinaly ýyldyz sekiz gezek «Altyn top» baýragynyň eýesi boldy. Umumy gollarynyň sany boýunça ol diňe Kriştianu Ronaldudan yza galýar, emma penaltileri hasaba almazdan geçirilen gollarynyň sany boýunça eýýäm ondan öňe geçmegi başardy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir