Apple Music-iň abunaçylary täze «Play Full Song» we «Listening Party» funksiýalarynyň kömegi bilen aýdymlary göni TikTok goşundysynyň içinde dolulygy bilen diňläp bilerler. Bu barada «The Verge» neşiri habar berýär. «Play Full Song» düwmesi aýdymy maslahat berilýänler lentasyndan ýa-da sesiň (audio) sahypasyndan göni doly görnüşde diňlemäge mümkinçilik berer. «Listening Party» tertibinde bolsa ulanyjylar dostlary bilen bilelikde aýdym diňlemek üçin sessiýalary döredip ýa-da artistleriň göni ýaýlymlaryna goşulyp bilerler. Bu täzelenmäniň ýakyn hepdeleriň dowamynda bütin dünýädäki ulanyjylar üçin elýeterli bolmagyna garaşylýar. Şunda sazandalar öz aýdymlarynyň diňlenmegi (striming) üçin standart töleglerini almagy dowam ederler. «Söýgüli sazyňy diňlemek aňsat bolmaly. Apple Music-iň abunaçylary TikTok-da täze aýdymy tapanlaryndan soň, platformany çalşyryp oturmazdan ony derrew diňläp bilerler» diýip, Apple Music-iň bilelikdäki ýolbaşçysy Ole Obermann belledi. Mundan öň YouTube platformasynyň şahsy habarlaşyk hyzmatyny synagdan geçirmegi dowam edýändigi mälim boldy. 2025-nji ýylyň noýabr aýynda bu funksiýa Polşadaky we Irlandiýadaky ulanyjylarda synag tertibinde peýda boldy, soňra bolsa beýleki Ýewropa ýurtlaryna hem ýaýradylyp başlandy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir