Älemiň iň ägirt gurluşlarynyň biri bolan «älem toruny» (cosmic web) öwrenmek üçin niýetlenen MOTHRA teleskopynyň gurluşygyna başlandy. Bu enjam galaktikalaryň arasynda ýerleşýän we garaňky materiýanyň ýaýrawyny görkezýän gazyň örän gowşak şöhlelenmesini hasaba alar. Teleskop El-Sous obserwatoriýasynda gurulýar. Gurluşyk işleri tamamlanandan soň, ol dünýäde tutuşlygyna linzalara esaslanýan iň uly teleskop bolar. Onuň doly güýjünde ylmy işlere başlamagyna 2026-njy ýylyň ahyrynda garaşylýar. Taslama täze barlag gurallaryny döretmek üçin 2025-nji ýylda başlanan «Dragonfly FRO» ylmy başlangyjynyň çäginde amala aşyrylýar. Taslamany XTX Markets kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş müdiri, britaniýaly telekeçi Aleks Gerko maliýeleşdirýär. Teleskop Canon kompaniýasynyň 1140 sany tele-obýektiwinden ybaratdyr. Bu linzalar bitewi ulgam hökmünde işleýär we alynýan şekiller sanly usulda birleşdirilip, bir uly teleskopyň täsirini döredýär. Maglumatlar işlenip taýýarlanandan soň, ulgam diametri takmynan 4,7 metr bolan uly linza ýaly netije berer. Şeýle-de MOTHRA galaktikalaryň arasyndaky wodorodyň gowşak şöhlelenmesini saýlamaga mümkinçilik berýän ýörite süzgüçler bilen üpjün ediler. Alymlar bu enjamyň kömegi bilen ozal anyklap bolmadyk signallary ilkinji gezek hasaba almagy we älemiň giň gerimli gurluşyny has çuňňur öwrenmegi meýilleşdirýärler.