Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli guralan sergi we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum öz işine başlaýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu waka mynasybetli çärä gatnaşyjylary gutlady diýip, TDH habar berýär. Döwlet Baştutany öz gutlagynda hususy pudagy ösdürmegiň milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň dabaralandyrylýan ýylynda geçirilýän bu iri çäreleriň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýurduň özygtyýarly ösüş ýyllarynda gazanan üstünliklerini aýdyň görkezýändigini nygtady. «Türkmen telekeçileriniň işjeň maýa goýum başlangyçlary barha rowaçlanyp, olar ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine saldamly goşant goşýarlar. Hususyýetçilerimiziň özlerine ynanylan taslamalara, il-ýurt bähbitli işlere örän jogapkärli çemeleşýändikleri bizi buýsandyrýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň ileri tutulýan işlere işjeň çekilmegine uly ähmiýet berilýär» — diýlip, Prezidentiň gutlagynda bellenilýär. Şeýle hem telekeçileriň senagaty, oba hojalygyny we hyzmatlar ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gatnaşýandyklary, sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerinden peýdalanýandyklary we bäsleşige ukyply hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirýändikleri nygtalýar. Prezident Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum maksatnamasyna laýyklykda, kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de goldamagyň, telekeçilik üçin şertleri kämilleşdirmegiň we jemi içerki önümde döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 72,9%-e çenli ýokarlandyrmagyň meýilleşdirilýändigini belledi. «Milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmakda, durnukly ösüşini üpjün etmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň nusgalyk işleri esasy daýanjymyz bolmalydyr» — diýip, döwlet Baştutany belledi. Sergi 17–19-njy mart aralygynda 09:00-dan 18:00-a çenli Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda (Çandybil şaýoly, 143) guralar. Oňa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşar. Sergide ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri, ýeňil senagat harytlary, elektronika enjamlary, dokma we maldarçylyk önümleri, mebel, gurluşyk materiallary, şeýle hem söwda, bilim, hyzmat we senetçilik ugurlaryna degişli önümler we hyzmatlar görkeziler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir