Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär. Indi goşundy binalary, estakadalary we beýleki ugur görkezijilerini göwrümli görkezýär. Google-yň hünärmenleriniň pikirine görä, bu format sürüjilere nätanyş ýollarda, aýratyn-da çylşyrymly ýol çatryklarynda has aňsat ugur tapmaga kömek eder. Ulgam «Street View» maglumatlarynyň we aerofotosuratlaryň esasynda işleýär. Emeli aň (Gemini) modelleri ekranda haýsy elementleri, meselem, pyýada geçelgesini, swetofory ýa-da «Stop» belgisini aýratyn görkezmelidigini kesgitleýär. Sesli görkezmeler hem täzelendi we indi has tebigy ýaňlanýar. Mysal üçin, uly ýolda barýarkaňyz, assistent ýoluň çylşyrymly adyny tutman: «şu öwrümden geçip, indiki öwrüme sowulyň» diýip biler. Täzelenme alternatiw marşrutlaryň işine hem täsir etdi. Indi goşundy hödürlenýän aýlawly ýoluň näme bilen tapawutlanýandygyny düşündirýär — meselem, ýol has köp wagt alyp biler, ýöne onda dykynlar (probkalar) az bolar. Syýahat başlamazdan ozal, Maps barjak ýeriňizi «Street View» arkaly görkezýär we awtoduralga (parkowka) üçin dürli görnüşleri hödürleýär. Şeýle-de, goşunda Gemini çat-boty birikdirildi. «Kartalardan sora» düwmesiniň kömegi bilen ulanyjylar adaty dilde soraglar berip bilerler, meselem, iýmiti çalt taýýarlanýan we telefonyňy zarýadlamaga mümkinçilik bar bolan kafeni tapyp bilerler. Üç ölçegli nawigasiýa eýýäm ABŞ-daky ulanyjylarda peýda bolup başlady. Ýakyn aýlarda bu tertip Android we iOS ulgamlarynda, şeýle hem CarPlay, Android Auto we Google ulgamy ornaşdyrylan awtoulaglarda elýeterli bolar. «Kartalardan sora» funksiýasy eýýäm ABŞ-da we Hindistanda ykjam enjamlarda işleýär. Kompýuterler üçin niýetlenen wersiýasyna bolsa has soňrak garaşylýar.