Hytaý özüniň ägirt uly maksatnamasy bolan «Tianwen-3» taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge resmi taýdan girişdi we Marsyň toprak nusgalaryny Ýere getirmeli ilkinji missiýasynyň enjamlaryny ýygnap başlady. Nusgalaryň 2031-nji ýylda Ýere getirilmegi meýilleşdirilýär. Bu taslama, kosmosy özleşdirmekde täze bir tapgyryň başlangyjydyr. Missiýa 2028-nji ýylyň ahyrynda başlar we onuň üçin birbada iki sany «Çançžen-5» raketasy ulanylar. Çylşyrymly tehnologik zynjyr uçuş apparaty bolan gonuş modulynyň we yzyna gaýdyp gelýän kapsulasy bolan orbital bloguň aýry-aýrylykda älem giňişligine goýberilmegi bilen başlanar. Hytaý Gyzyl planetanyň ýüzünde burawlaýjy enjam, kowş we ýörite uçarmansyz uçardan ybarat gurallaryň tutuş bir toplumyny ulanar. Alymlar azyndan 500 gram topragy Ýerdäki laboratoriýalara getirmegi tama edýärler. Bu materiallar gadymy ýaşaýşyň yzlaryny gözlemäge, Marsyň geologiýasyny we atmosferasyny öwrenmäge we bu planetanyň haçan-da bolsa bir wagt ýaşamak üçin ýaramly bolandygyny anyklamaga kömek eder. Hünärmenler ylmy ähmiýeti we howpsuzlygy göz öňünde tutup, eýýäm 80-den gowrak amatly nokat saýladylar. Olaryň arasynda Maadim jülgesi, gadymy Mak-Laflin krateri we toýun gatlaklaryna baý bolan Oksiýa düzlügi bar. Pekin dünýäniň ylmy jemgyýetçiligini bu möhüm ädimde işjeň hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar we taslamanyň daşary ýurtly kärdeşler üçin açykdygyny nygtaýar. Bu taryhy missiýa Hytaýyň 2026–2030-njy ýyllar üçin täze bäş ýyllyk ösüş meýilnamasynyň bir bölegidir. Amerikanyň «Mars Sample Return» maksatnamasynyň maliýe kynçylyklary sebäpli häzirki wagtda togtadylandygyny göz öňünde tutsak, hytaýlylaryň «Tianwen-3» taslamasynyň taryhda ilkinji bolup Marsyň maddasyny Ýere getirjek operasiýa bolmaga doly mümkinçiligi bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir