Hytaýyň «Çançžen-6A» («Beýik ýöriş-6A») raketa göterijisi ýekşenbe güni raýat maksatlary üçin niýetlenen «Ýaogan-50 02» atly Ýere uzakdan aralykdan gözegçilik ediji hemrany orbita çykardy diýip, CGTN teleýaýlymy habar berdi. «Çançžen-6A» raketasy Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän Taýýuan kosmodromyndan uçuryldy. Hemra 500 km beýiklikdäki bellenen orbita üstünlikli çykdy. «Ýaogan» enjamlary, esasan, ýerleriň topografiki surata düşürilmegi, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny çaklamak, şeýle hem tebigy betbagtçylyklar barada duýdurmak üçin niýetlenendir. «Ýaogan» Hytaýyň aerokosmos ylmy we tehnika korporasiýasynyň (CASC) düzümine girýän Hytaý kosmos tehnologiýalary akademiýasy tarapyndan döredildi. Iki basgançakly, gaty ýangyçly «Çançžen-6A» raketasynyň uzynlygy 50 metr, diametri bolsa 3,35 metr bolup, ol 700 km beýiklikdäki Gün-sinhron orbitasyna 4,5 tonna peýdaly ýüki çykarmaga ukyplydyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir