BMW konserni täzelenen 7-nji seriýaly sedanynyň ilkinji resmi suratyny çap etdi. Deslapky maglumatlara görä, modeliň tanyşdyrylyş dabarasy aprel aýynyň ahyrynda açyljak Pekin awtosergisinde bolup biler. Çap edilen tizerden görnüşi ýaly, awtoulagyň daşky görnüşinde düýpli üýtgeşmelere garaşylmaýar. Emma «BMW Blog» neşiriniň habar bermegine görä, sedanyň salony düýpli täzelenip biler. Salonyň mundan ozal BMW iX3 modelinde görkezilen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagyna garaşylýar. Olaryň arasynda adatdan daşary şekilli ekrany bolan media ulgam we öňdäki aýnanyň bütin giňligine maglumat çykarýan Panoramic iDrive displeýi bar. Şeýle-de, ýolagçy üçin aýratyn sensor ekranynyň goşulmagy hem mümkindir. Deslapky maglumatlara görä, hereketlendirijileriň görnüşleri öňküligine galar, ýöne olar «Ýewro-7» ekologiýa kadalaryna laýyk gelmegi üçin kämilleşdiriler. Sedanyň elektrik wersiýalary bolsa täze batareýalaryň hasabyna bir zarýadda birneme has uzak ýol geçip bilerler. BMW 7-nji seriýasy, şeýle-de, Alpina subbrendi astynda ýörite wersiýasy çykaryljak ilkinji dalaşgärleriň biri hökmünde agzalýar. Modeliň iň kaşaň modifikasiýasynyň 2027-nji ýylda peýda bolmagyna garaşylýar. Konserniň iň ýakyn wagtdaky täzeligi bolsa 18-nji martda tanyşdyryljak Neue Klasse platformasyndaky i3 elektrik sedany bolar.