Ispaniýanyň Toledo prowinsiýasynda ýerleşýän orta asyra degişli Eskalona galasynyň diňi ýykyldy. Bu barada El País gazeti habar berdi. Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, bolan waka zerarly ejir çeken ýok, ýöne gynansak-da, halkyň taryhynyň bir bölegi welin, ýitirildi. Diňiň ýykylmagynyň sebäpleri indi anyklanylmaly. EFE diňiň galanyň girelgesinde ýerleşendigini belleýär. Şol gün bu ýere ýüzlerçe syýahatçynyň gelmegine garaşylýardy. Hernä wakanyň ir bilen bolup geçmegi adamlary howply ýagdaýdan gorady. Daş bölekleri diňe galanyň golaýynda goýlan awtoulaglara zeper ýetirdi. Ýerli häkimiýetler taryhy ýadygärligiň syýahatçylar üçin wagtlaýyn ýapyljakdygyny duýdurdylar. Indi hünärmenler weýrançylygyň gerimine baha berip, toplumyň beýleki desgalarynyň ýagdaýyny-da barlamaly bolarlar. Mundan ozal, fewral aýynda Italiýanyň günortasynda zabun howa şertleri sebäpli Adriatika deňziniň kenaryndaky gaýa opurylypdy. Ol ýer köpçüligiň arasynda «Aşyk-magşuklaryň binasy» ady bilen tanalýardy. Melendunýo şäherçesiniň häkimi Maurisio Çisternino apy-tupanyň täsin tebigy görnüşi ýok edendigini aýtdy. Onuň aýdyşy ýaly, bu waka sebitiň abraýyna we syýahatçylyk pudagyna uly zarba boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir