Daşoguz welaýat häkimligi Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Köneürgenç etrabynyň Derýalyk geňeşliginiň Derýalyk obasynda saglyk merkezini gurmak üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar: gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini we Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnanlygy baradaky maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek; edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat; hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama; hödürlenýän baha teklipleri we degişli resminamalar. Bäsleşik teklipleri 2026-njy ýylyň 20-nji martyna, sagat 09:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär. Telefon belgisi: (+993 322) 9-03-02 Faks belgisi: (+993 322) 9-03-14 Daşoguz şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolynyň 10/1-nji jaýy

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir