Özbegistanyň Daşkent şäherinde şu ýylyň 25–26-njy martynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdelerini dolandyrmak meselelerine bagyşlanan “Tashkent Water Week 2026” halkara forumy geçiriler. Çäre suw serişdeleri ulgamynda artýan suw ýetmezçiligi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin hökümetleriň, halkara guramalaryň wekillerini, bilermenleri we suw hojalygy ulgamynyň hünärmenlerini bir ýere jemlär. Bu barada forumyň resmi saýtynda habar berilýär. Bu platforma dürli ýurtlaryň hünärmenlerini birleşdirip, tejribe alyşmaga, tehnologiki çözgütleri ara alyp maslahatlaşmaga we suw serişdelerini dolandyrmak boýunça bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Forumyň esasy mowzugy “Suw serişdelerini dolandyrmakda tehnologiýalar we innowasiýalar. Merkezi Aziýa we dünýä suw aýlawy” bolup, bu maksatnama ýokary derejeli plenar mejlisleri hem-de durnukly ösüşe, serhetara suw hyzmatdaşlygyna we suw ulgamyna häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga bagyşlanan mowzuklaýyn çekişmeleri öz içine alýar. Şeýle hem bilermenler suw serişdeleriniň ulanylyşyny döwletara utgaşdyrmak, oba hojalygyny ösdürmek, suw üpjünçiligi ulgamlaryny sanlylaşdyrmak hem-de suw hojalygy üçin hünärmenleri taýýarlamak meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir