Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegini ugratdy. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu ýük, ilkinji nobatda, goňşy ýurduň çagalaryna niýetlenendir. Ynsanperwer kömegi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ugradyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, doganlyk eýran halkyna, ozaly bilen çagalara derman serişdeleri, lukmançylyk maksatly önümler we beýleki serişdeler iberildi. Bu çözgüt Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Ynsanperwer ýüküni ugratmak dabarasyna gatnaşyjylar kyn pursatlarda goňşy halklara goldaw bermegiň we doganlyk goluny uzatmagyň türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däp-dessurydygyny nygtady. Ýaşulular we Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan doga-dileg edip, ynsanperwer kerweniniň ýolunyň ak, bu asylly wezipäniň bolsa üstünlikli amala aşmagyny diledi. Ynsanperwer kömegini ugradanlaryndan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary hem-de din wekilleri Arkadag şäherinde gurluşygy dowam edýän 30 müň orunlyk metjidiň gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem olara metjidiň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň nusgalary görkezildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir