Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda jemi 34 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Gruziýanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen polipropileni we binýatlyk ýagy satyn aldy. Şeýle hem BAE-niň, Türkiýäniň, Estoniýanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri tarapyndan jins önümleri, dokma senagatynyň dürli önümleri (dikeldilen süýüm, nah ýüplük we mata), garaköli ýüňi hem-de bugdaý uny alyndy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million dollaryndan gowrak boldy. Ýurduň telekeçileri bolsa içerki bazar üçin «Türkmennebit» döwlet konserninden polipropilen we binýatlyk ýagy, «Türkmengaz» döwlet konserninden tehniki kükürdi, şeýle-de çig ýag turşulygyny, ýüpek we nah matany, boýalan tüýjümek matany we bugdaý ununy satyn aldy. Ýerli işewürleriň amala aşyran geleşikleriniň umumy bahasy 229 million 413 müň manatdan gowrak boldy.