«The Ocean Cleanup» ekologiýa guramasy ummany arassalamak maksatnamasynyň taryhyndaky iň uly netije barada habar berdi. Taslama gatnaşyjylar şu güne çenli jemi 45 million kilogramdan gowrak plastik galyndysyny suwdan çykardylar. Gurama suwda ýüzüp ýören zibilleri tutmak üçin ýörite germewleri we ulgamlary ulanýar. Bu enjamlar derýalarda, kenarýaka sebitlerde we Gawaýi bilen Kaliforniýanyň arasyndaky «Beýik Ýuwaş ummany zibil meýdançasynda» işleýär. Gynansak-da, çaklamalara görä, şol meýdançada entek 100 million kilogramdan gowrak galyndy bar. Üstünden onlarça ýyl geçen plastik dargaýar we tapmak hem-de ýygnamak has kyn bolan mikroplastiklere öwrülýär. Şonuň üçin olary wagtynda ýygnamak örän möhümdir. Zibilleriň agramly bölegi ummana gür ilatly sebitlerden akyp geçýän kiçi derýalar arkaly düşýär. 2021-nji ýylda geçirilen barlaglar ummandaky ähli plastik galyndylaryň 80%-iniň takmynan müňe golaý derýadan gelýändigini görkezdi. Şu sebäpli «30 şäher» maksatnamasy diňe bir suwdaky zibilleri ýygnamak bilen çäklenmän, eýsem şäherleriň özünde — derýalaryň we kenarýakalaryň ugrunda galyndylary gaýtadan işleýän ulgamlary döretmäge gönükdirilendir. Ady agzalan gurama ortaça bir minutda takmynan 53 kg zibil ýygnaýar. Ýygnalan plastikler ýörite granulalara öwrülýär we täze önümleri öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanylýar. 2025-nji ýyldaky barlaglar zibil ýygnaýan torlaryň deňiz jandarlaryna ýetirýän töwekgelçiliginiň, plastigiň özüniň ýetirýän zyýanyndan has pesdigini subut etdi. Hünärmenler bu rekord netijelere garamazdan, ummana her gün taşlanýan zyňyndylaryň mukdarynyň heniz hem örän ýokarydygyny belleýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir