Žoan Laporta «Barselona» klubunyň prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, geljek bäş ýylyň dowamynda — 2031-nji ýyla çenli kluba ýolbaşçylyk etmegini dowam eder. Futbol işewüri özüniň ýeke-täk bäsdeşi bolan telekeçi Wiktor Fontdan öňe saýlandy. Sesler heniz doly sanalyp tamamlanmadyk hem bolsa, Fontuň sesleriň sany boýunça Laportadan ozmaga mümkinçiligi galmady. 63 ýaşly Laporta üçin klubuň başynda işlemeginiň täze tapgyry başlanýar. Ol mundan ozal 2003-2010-njy ýyllar aralygynda «Barselonanyň» prezidenti wezipesini eýeläpdi, soňra bolsa 2021-nji ýylda gaýtadan saýlanyp, 2026-njy ýyla çenli kluba ýolbaşçylyk etdi. Resmi taýdan häzirki möhlet onuň üçin dördünji möhlet hasaplanýar. 2006-njy ýylda klubuň agzalarynyň biriniň arzasynyň esasynda kazyýet Laportanyň 2003-nji ýylda başlan birinji möhletini tamamlanan diýip hasap etdi. Şondan soň täze ses berişlik bellenildi, emma şol wagt saýlawlar hakykatda geçirilmedi: diňe Laporta dalaşgär hökmünde hasaba durmak üçin zerur bolan gollary ýygnap bildi. Netijede, ol awtomatiki usulda prezident wezipesinde galdy we 2010-njy ýylda tamamlanan täze möhletine başlady.