WhatsApp messenjerinde 13 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin ýörite hasaplar (akkauntlar) peýda bolar. Şeýle profiller ene-atalar tarapyndan dörediler we dolandyrylar. Bu barada Meta kompaniýasy habar berdi. «DW» neşiriniň maglumatyna görä, täze funksiýa «maşgalalar we hünärmenler bilen hyzmatdaşlykda» işlenip düzüldi. Çaganyň hasaby sazlanandan soň, ol ene-atasynyň ýa-da hossarynyň gözegçiligi astynda bolar. Kompaniýanyň beýanatynda bellenilişi ýaly, olar bu ulanyja kimleriň habar ibermäge hukugynyň bardygyny we onuň haýsy toparlara goşulyp biljekdigini çözüp bilerler. Şeýle-de, ene-atalar nätanyş kontaktlardan gelýän habar sargytlaryna göz aýlap bilerler we çaganyň hasabynyň gizlinlik sazlamalaryny dolandyrarlar. Mundan ozal, Awstraliýada çagalaryň we ýetginjekleriň ruhy saglygy baradaky aladalar sebäpli, olara jemgyýetçilik torlaryndan peýdalanmagyň gadagan edilendigi mälim edilipdi. Başga-da birnäçe ýurtda şuňa meňzeş çäreleri girizmek barada çekişmeler dowam edýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir