Hytaý halkara standartlary tassyklanylandan soň, 2030-njy ýyla çenli altynjy nesil (6G) aragatnaşyk tehnologiýasyny ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Yicai neşiri pudak hünärmenleriniň çaklamalaryna salgylanyp habar berýär. China Mobile Communications Group kompaniýasynyň baş hünärmeni Tun Eniň bellemegine görä, 6G ulgamlary esasy üç sany ugurda ösdüriler. Bulara aragatnaşygyň we sensorlaryň utgaşdyrylmagy, emeli aňyň aragatnaşyk torlaryna ornaşdyrylmagy hem-de älem, howa we ýerüsti ulgamlaryň bitewi bir tora öwrülmegi degişlidir. Bu täzelikler telekommunikasiýa ulgamlaryny diňe bir maglumat geçiriji däl-de, eýsem dürli sanly hyzmatlary hödürleýän kuwwatly platforma öwrer. Täze tehnologiýanyň durmuşa ornaşdyrylmagy maglumat geçiriş tizligini düýpli ýokarlandyrmaga, bökdençlikleri peseltmäge we ulgama birigýän enjamlaryň sanyny köpeltmäge şert döreder. Şeýle-de, ulanyjylar üçin şahsy torda has giň mümkinçilikli hyzmatlary hödürlär. Belläp geçsek, Hytaýda 6G standartlary boýunça ylmy-barlag işlerine eýýäm 2018-nji ýylda badalga berlipdi. Bu ugurdaky ilkinji resmi taslama bolsa 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda ýola goýuldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir