14-nji martda, Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda Aşgabatda ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkmenistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyny berdiler. Oňa ýurduň müftüsi, ähli welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň ymamlary, şeýle-de hormatly il ýaşulular, eneler we ýaşlar gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Oraza aýynyň mukaddes Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda il bolup, agzybirlikde agzaçar sadakasyny bermegiň sogap işdigini aýdyp, aýat-töwirleriň okalýandygyny, beýik Biribardan ýagşy dilegleriň edilýändigini belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň doga-dilegleriniň, berýän sadakalarynyň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagy barada özüniň ýagşy dileglerini aýtdy. Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykyp, ýurt ýolbaşçylarynyň berýän agzaçar sadakalarynyň beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi. Agzaçar wagtynyň gelmegi bilen sadaka gatnaşyjylara dürli tagamlar çekildi. Agşam ýagşy doga-dilegleriň, aýat-töwiriň okalmagy bilen jemlendi. Agzaçar sadakasy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, döwürleri hem nesilleri baglanyşdyrýan milli däp-dessurlara ygrarlylygyň, türkmen halkynyň asyllylyk ýörelgeleriniň dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşany boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir