Daşoguz welaýatynyň häkimligi Köneürgenç etrabynyň Derýalyk geňeşliginiň Derýalyk obasynda lukmançylyk merkeziniň gurluşygy üçin potratçyny saýlamak boýunça tender-bäsleşigini yglan etdi. Gurluşyk işleri Milli oba hojalyk maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär — diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň 2026-njy ýylyň 14-nji martyndaky sanynda habar berilýär. Tenderde gatnaşmaga Türkmenistanda resmi taýdan bellige alnan ýerli guramalar we kärhanalar çagyrylýar. Tenderde gatnaşýanlara şu talaplar bildirilýär: doly ady, hukuk ýagdaýy we Türkmenistanda resmi bellige alnandygy baradaky maglumatlary görkezilen ýazmaça arza; guramanyň maddy‑tehniki binýady baradaky maglumat; hususy kärhanalar üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň şahadatnamasy; bahalar boýunça teklipleri we degişli resminamalar. Arzalar 2026-njy ýylyň 20-nji martyna çenli, sagat 18:00-a çenli kabul edilýär. Salgysy: Daşoguz şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 10/1 jaý. Telefon: (+993 322) 9‑03‑02, faks: (+993 322) 9‑03‑14.