13-nji martda Pekin şäherinde şu ýylyň 28–30-njy aprelinde Aşgabatda geçiriljek Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Çäre Daşary ýurtlarda telekeçiligi ösdürmek boýunça hytaý assosiasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň goldawy bilen guraldy. Türkmenistanyň Ilçisi P.Durdyýew gatnaşyjylary ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyryp, makroykdysady görkezijileriň durnuklylygyna we daşary ýurtly maýadarlar üçin döredilen ýeňilliklere aýratyn ünsi çekdi. Söwda-senagat edarasynyň wekilleri çig maly gaýtadan işlemek, eksport, ulag we logistika ulgamlaryndaky ileri tutulýan taslamalary, şol sanda Hytaýyň üstaşyr geçelgelere goşulyşmagyny öz içine alýan teklipleri hödürledi. Tanyşdyrylyşyň ahyrynda göni gepleşikler sessiýasy geçirilip, onda hytaýly telekeçiler türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.