Prezident Serdar Berdimuhamedow Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilen 336 sany raýatyň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi. Döwlet Baştutany 13-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde resminama gol çekip, bu çäräniň eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlara degişlidigini belledi. Bu karar merhemetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda kabul edildi. Resminama gol çekilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýew alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutany Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň gysga wagtyň dowamynda azatlyga goýberilmegini we olaryň öýlerine, maşgalalarynyň arasyna baryp bilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mesele baradaky gürrüňi jemläp, Prezident günäsi geçilen adamlara geljekde Watanyň bähbidine hyzmat edip, öz halal zähmetiniň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.