Waşington ştatynyň kanun çykaryjylary «millionerleriň salgydy» hökmünde belli bolan ýokary girdejiler üçin girdeji salgydyny girizmek baradaky kanun taslamasyny kabul etdi. Bu barada «The New York Times» (NYT) habar berýär. Resminama ýylda 1 million dollardan gowrak şahsy girdejisi bolanlara 9,9% möçberinde salgyt tölegleriniň girizilmegini göz öňünde tutýar. Hasaplamalara görä, bu, takmynan, 20 müň hojalyga täsir eder we býujete her ýyl, takmynan, 4 milliard dollar girdeji getirer. Kanun bu başlangyjy goldan demokrat-gubernator Bob Fergýuson tarapyndan gol çekileninden soň güýje girer. Tankytçylar bu çäräniň gurply ýaşaýjylaryň başga ýerlere göçüp gitmegine sebäp bolup biljekdigini aýdýar. Salgyt gaznasynyň uly ylmy işgäri Jared Wolçagyň pikiriçe, ýokary salgyt Waşingtonyň ykdysadyýetine düýpli zeper ýetirip biler. Ol ştatyň tehnologiýa pudagynyň uly böleginiň aşa ýokary biznes salgytlaryny eýýäm töleýändigini, 9,9% möçberindäki girdeji salgydynyň bolsa kompaniýalaryň öz önümçiliklerini we iş orunlaryny beýleki ştatlara geçirmegine sebäp bolup biljekdigini belleýär. Salgydyň 2029-njy ýyldan gijä galman girdeji getirip başlamagyna garaşylýar. Toplanan serişdeleri «esasy döwlet hyzmatlaryna» gönükdirmek meýilleşdirilýär. Belläp geçsek, Waşington häzire çenli girdeji salgydy alynmaýan ABŞ-nyň dokuz ştatynyň hataryna girýär. Ol ýerdäki häzirki salgyt modeli, esasan, satuw salgytlaryna we biznes salgytlaryna esaslanýar hem-de ýurtda iň regressiw modelleriň biri hasaplanýar diýip, NYT ýazýar. Şol bir wagtyň özünde, hereket edýän salgyt gurluşy çykdajylaryň yzyndan ýetişmeýär — ýakyn dört ýylda býujet ýetmezçiligi 10–12 milliard dollara ýetip biler, şol sebäpli kanun çykaryjylar ony azaltmagyň ýollaryny gözleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir