Beýik Britaniýada ýaşy iki müň ýyldan aşýan gadymy finikiýa teňňesi muzeýe tabşyryldy. Live Science neşirinde bu tapyndynyň ýüze çykyşy hakynda gyzykly gürrüň berilýär. Baryp, 1950-nji ýyllarda näbelli bir ýolagçy awtobusda ýa-da tramwaýda ýol puluny tölemek üçin şol gadymy teňňäni ulanypdyr. Şeýdip, teňňe şol wagtlar ulagda işleýän kassaçynyň eline düşüpdir. Aradan ýyllar geçensoň, kassaçynyň agtygy Piter Eduards köne goşlaryň arasyndan şol teňňäni tapýar. Onuň aýtmagyna görä, atasy çaga wagtlary oňa işden köplenç dürli daşary ýurt teňňelerini ýa-da galp pullary getirip beripdir. Agtygy bolsa olary pugta ýygnapdyr. «Biziň maşgalamyzda hiç kim kolleksioner bolaýyn diýmeýärdi. Ýöne şol teňňeleriň ýasalyşy we ýüzündäki şekiller bizi özüne çekýärdi. Olar meniň üçin hakyky hazyna ýalydy» diýip, Eduards gürrüň berýär. Soň ol özüniň toplan teňňelerini öwrenmek kararyna gelýär we olaryň biriniň hakyky gadymy ýadygärlikdigini bilip galýar. Hünärmenleriň çenleýşiçe, teňňe mundan iki müň ýyl ozal gadymy Finikiýanyň Gadir obasynda zikgelenipdir. Häzirki wagtda ol ýer Ispaniýanyň Andalusiýa sebitindäki Kadis şäheridir. Bürünçden ýasalan teňňäniň ýüz tarapynda Melkart hudaýynyň şekili, arka ýüzünde bolsa iki sany gögümtil tunes balygy şekillendirilipdir. Täsin tapyndynyň Angliýanyň Lids şäherine nähili gelip düşendigi entek näbelli. Eduardsyň özi ony Ikinji jahan urşundan dolanyp gelen esgerler getirendir diýip çaklaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir