Hyundai Motor Group kompaniýasy Indoneziýada elektromobil akkumulýatorlarynyň aýlawly ykdysadyýet ulgamyny döretmek barada Zhejiang Huayou Recycling Technology kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Degişli Ähtnama 12-nji martda kompaniýanyň Seuldaky ştab-kwartirasynda gol çekildi. Bu taslama elektromobil batareýalarynyň önümçiliginde we ulanylyşynda emele gelýän materiallary gaýtadan işlemäge gönükdirilendir. Hususan-da, taraplar akkumulýator elementleri ýasalan wagty ýüze çykýan önümçilik galyndylaryny — «skrap» diýlip atlandyrylýan bölekleri gaýtadan işlemegi meýilleşdirýär. Ylalaşygyň çäginde Hyundai we LG Energy Solution kompaniýalarynyň Indoneziýadaky HLI Green Power bilelikdäki kärhanasynda emele gelýän galyndylar ýygnalar we gaýtadan işlemäge ugradylar. Huayou Recycling kompaniýasynyň ýerli önümçilik desgalarynda olardan «gara massa» — täze akkumulýatorlary öndürmek üçin ulanylýan gymmat bahaly metallary özünde saklaýan material alnar. Gaýtadan işleme döwründe batareýalar ilki bilen deslapky işleme tapgyryndan geçýär — gara massany almak üçin olar böleklere bölünýär we owradylýar. Soňra ondan täze akkumulýator materiallarynyň önümçiliginde ulanylýan esasy minerallar alynýar. Kompaniýalar hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredýär. Geljekde bu hyzmatdaşlyk möhleti tamamlanan batareýalary gaýtadan işlemegi, şeýle hem akkumulýatorlary gaýtadan ulanmagyň doly zynjyryny döretmegi öz içine alyp biler. Şeýle tehnologiýalaryň ösdürilmegi elektromobil senagaty üçin möhüm tapgyra öwrülýär, sebäbi şäher elektromobilleri we beýleki elektrik modeller batareýalar üçin durnukly çig mal çeşmelerini talap edýär. Hyundai täze çemeleşmäniň kompaniýanyň durnukly ösüş boýunça uzak möhletli strategiýasynyň bir bölegi boljakdygyny belleýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir